ÝB Komissiýasy: “Gowy netijeler alyndy”

ÝB Komissiýasy Türkiýe bilen bosgunlar meselesi boýunça 18-nji martda gazanylan ylalaşykdan gowy netije alynýandygyny habar berdi

475530
ÝB Komissiýasy: “Gowy netijeler alyndy”

Komissiýanyň ylalaşygyň durmuşa geçirilişi baradaky ilkinji habarnamasyny çap etdi.

Habarnamada 18-nji martda bikanun göçüň bes edilmegi we bosgunlaryň ÝB-ne agza ýurtlara ýerleşdirilmeginde kanuny ýollaryň açylmagy üçin ÝB bilen Türkiýäniň arasynda ylalaşyk gazanylandygy ýatladylýar.

Türkiýeden Gresiýa 20-nji martdan soň giden bosgunlaryň 4-nji aprelden başlap yzyna ugradylmak üçin bellige alynandygy barada aýdylýan habarnamada, bosgunlar meselesindäki bu täze çemeleşmäniň netije bermäge başlangy we Türkiýeden Gresiýa Egeý deňiziniň üsti bilen bikanun ýollardan göçýänleriň sanynyň çürt-kesik azalandygyna ünsi çekilýär.

Şoňa laýyklykda 20-nji mart bilen 4-nji aprel aralygynda günde ortaça 396 bosgun Gresiýa bardy.

Şol san 5-19 aprel aralygynda 97-ä düşdi.

Şeýlelikde 31 günüň dowamynda ortaça 7803 adam geçdi.

ÝB Komissiýasy ylalaşygyň ÝB-niň we halkara kanunlarynyň kadalaryna laýyk bolmagy üçin Türkiýede hem-de Gresiýada edilen kanuny özgertmelere kanagatlanma bildirdi.

Komissiýa ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi baradaky ikinji habarnamasyny iýun aýynyň başynda çap eder.

Ylalaşygyň bir bölümini emele getirýän türk raýatlary üçin wiza ýeňilligi baradaky ÝB Komissiýasynyň habarnamasy bolsa 4-nji maýda taýar bolar.



Degişli Habarlar