BMG global neşe syýasatyny kesgitlemek üçin jemlenişdi

3 gün dowam etjek oturlyşykda global neşe söwdasyna garşy göreş hakynda pikir alyşylýar

474076
BMG global neşe syýasatyny kesgitlemek üçin jemlenişdi


BMG-nyň Baş Assambleýasynda geçirilýän oturlyşyga BMG-na agza ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ylmy işgärler gatnaşýar.

3 gün dowam etjek oturlyşykda global neşe söwdasyna garşy göreş hakynda pikir alyşylýar.

Oturlyşykda neşe söwdasy bilen birlikde neşe maddalarynyň ulanylmagynyň jenaýat hökmünde kabul edilmegi, neşäniň jemgyýete we ynsanyň saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiri ýaly meseleler seljerler.

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun üstümizdäki aýyň başynda Russiýanyň paýtagty Mokwada geçirlen Neşe maddalaryna garşy göreş konferensiýasynda eden çykyşynda BMG-da geçiriljek oturlyşygyň neşe maddalaryna garşy göreşde taýdan uly pursatdygyny aýdypdy.

Soňky gezek 1998-nji ýylda BMG-da geçirlen ýörite oturlyşykda neşe maddalary meselesi ara alnyp maslahatlaşylypdy.


Etiketkalar: #neşe söwdasy , #BMG

Degişli Habarlar