Ekwadorda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany artýar

Ekwadoryň döwlet ýolbaşçysy Rafael Korrea tebigy heläkçiligiň bolan ýerine gidip, adamlar bilen duşuşdy

473628
Ekwadorda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany artýar

Günorta Amerikada ýerleşýän Ekwadorda anna güni 7,8 bal ululygynda bolan ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany 400-den hem geçdi, ýaralanan adamlaryň sany 3 müňe golaýlaşdy.

Her geçýän minutlar umytlary azaltsada, halas edijiler harabalyklaryň aşagynda diri galan adamlary tapmaga synanyşýar.

Ekwadoryň döwlet ýolbaşçysy Rafael Korrea tebigy heläkçiligiň bolan ýerine gidip, adamlar bilen duşuşdy.

Korrea halka agzybirlik we jebislik bilen ýer titremäniň ýaralarynyň saraljakdygy barada söz berdi.

Beýleki tarapdan ençeme ýurt Ekwadora gumanitar goldaw ugratmaga başladylar.

Ispaniýa, Boliwiýa, Kuba, Meksika ýaly ýurtlar gyssagly kömek ugratdylar.

ÝB-ne agza ýurtlar Ekwadora 1 million ýewro pul kömegini berer.



Degişli Habarlar