Oppozisionerler Asadyň wagtlaýyn hökümetde ýer almagyny kabul etmeýär

Oppozisionerler ylalaşyk gazanylman halatynda gepleşiklerden çekiler

472877
Oppozisionerler Asadyň  wagtlaýyn hökümetde ýer almagyny kabul etmeýär

Siriýaly oppozisionerlerden ybarat Ýokary gepleşik komisyýasy syýasy geçiş etabynyň Asatsyz dowam etmegi üçin tutanýerli tutum alyp barýar.

Oppozisionerler Ženewada geçirilýän aýlawly gepleşiklerde bu meselede ylalaşyk gazanylman halatynda gepleşikleri dowam etdirip bilmejekdiklerini mälim etdi.

Siriýaly oppozisionerlerden ybarat Ýokary gepleşik komisiýasynyň agzasy Abdulhakim Beşar hüjümleriň bes edilmegi hakynda gazanylan ylalaşygyň basgylanýandygyny we ýurtdaky gumanitar şertleriň gün saýyn agyrlaşýandygyna ünsi çekdi.

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Misturanyň şenbe güni Asad bilen baglanşykly täze teklip hödürländigi öňe sürlüpdi.

De Mistura Siriýanyň Prezidenti Başar Asadyň geçiş etabynda simwoliki ýagdaýda wezipesini dowam etdirmegini we güýçli ygtyraýa eýe bolan wise-prezidentleriň bolsa oppozisionerlerden saýlanmagyny teklip edipdi.

Siriýaly oppozisionerlerden ybarat Ýokary gepleşik komisiýasy bolsa Asadyň geçiş etabynda wagtlaýyn hökümetde ýer almagyny kabul etmeýär.



Degişli Habarlar