Liwanda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Wakada 2 adam ýogaldy

469717
Liwanda bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Liwanyň günortasyndaky port şäheri bolan Saýda şäherinde bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde ýogalanlaryň biri Al Fetih liderlerleriniň biri bolan Fethi Zeýdan bolmak bilen 2 adam ýogaldy.

Hüjüm Zeýdan tarapyndan dolandyrylan Miýeh Miýeh atly palestinalylaryň galýan çadyr şäherçesiniň golaýynda guraldy.

Zeýdan çadyr şäherçesinden çykan wagty ulagynyň aşagyna ýerleşdirilen bombanyň ýarylmagy netijesinde ýogaldy.

Hüjümde golaýdan geçip barýan 1 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy.

Miýeh Miýeh çadyr şäherçede 5 müň 250 palestinaly ýaşaýar.



Degişli Habarlar