Siriýada zamun alynan amerikaly žurnalist boşadyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy 33 ýaşyndaky žurnalist Dowsyň boşadylandygyny habar berdi

467661
Siriýada zamun alynan amerikaly žurnalist boşadyldy


Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler tarayndan zamun alynan Amerikanyň raýaty žurnalist Kewin Patrik Dows boşadyldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy 33 ýaşyndaky žurnalist Dowsyň boşadylandygyny habar berdi.

Kewin Patrik Dowsyň 2012-nji ýylda Siriýa gidendigi nygtaldy.

Rus ýolbaşçylaryna tabşyrlan Dows Moskwa getirildi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi hem Dowsyň ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy arkaly Amerika ugradylandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putinden Amerikanyň Siriýadaky raýatlarynyň tapylmagy üçin kömek sorandygy nygtaldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Mark Toner hem Dowsyň boşadylmagy üçin tagalla eden rus hökümetine minnetdarlygyny bildirdi.



Degişli Habarlar