Nems jurnalistine jenaýat işi gozgaldy

Germaniýada Prezident Erdogana “ZDF" teleýaýlymyndaky gepleşiginde goşgy ady astynda gelşiksiz töhmet atan jurnalist Jan Bohmermann barada jenaýat işi gozgaldy

466718
Nems jurnalistine jenaýat işi gozgaldy

Mainz şäheriniň prokuroturasy 20 adamyň jenaýat işinin gozgalmagyny talap etmegi sebäpli Bohmermann barada “döwlet adamsyny kemsitmek" sebäpli jenaýat işiniň gozgalandygyny habar berdi.

Germaniýanyň Jenaýat kodeksiniň 103-nji maddasyna laýyklykda daşary ýurt döwlet ýoylbaşçysyna edilen kemsitme üçin 3 ýyl azatlykdan mahrum edilmek üçin jenaýat işi gozgalyp bilinýär. Şol kemsitme bilkastlaýyn edilen halatynda bolsa jeza 5 ýyla çenli ýetirilýär.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Premýer ministr Dawutogly bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde wakany “bilkastlaýyn kemsitme" hökmünde hasýetlendiripdi.

Nemes satiraçysy we alyp baryjysy Jan Bohmermann “Neo Magazin Roýale" atly gepleşiginde “Kemsidiji tankyt" atly goşgy okapdy.

ZDF teleýaýlymy şol parodiniň hil we satira düşünjesine bap gelmeýändigi sebäpli gepleşigi internetdäki arhiwinden aýyrypdy.



Degişli Habarlar