Obama 19 ýyl soň Argentina bardy

Iki lideriň gün tertibinde Brýusselde guralan terrorçylykly hüjüm bardy

457243
Obama 19 ýyl soň Argentina bardy


ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama taryhy Kuba saparyndan soň Argentina bardy.

Barak Obama 19 ýyl soň Amerikadan Argentina prezident derejesinde ilkinji sapary guraýar.

Obama 2 günlük resmi saparynyň çäginde ilki Prezidenti Morisýo Makri bilen duşuşdy.

Iki lideriň gün tertibinde Brýusselde guralan terrorçylykly hüjüm bardy.

Barak Obama özara duşuşykdan soň beren beýanatynda hüjümlerden soň Amerikada musulmanlara garşy tutumlaryň güýçlenendigini aýtdy.

Obama “DAEŞ Ýewropada terrorçylykly hüjümler guraýar emma Ýakyn Gündogarda hem musulmanlary öldürýär" diýip belledi.

“DAEŞ ýaly guramalary bizi ýok edip bilmez. Bize hemle atyp bilmezler. Olar howply ganhorlardyr" diýen Obama, Belgiýadaky hüjümleriň jogapkärleriniň tussag edilmegi üçin ähli tarapalýyn goldaw bermäge taýardyklaryny nygtady.

Dünýä ýurtlaryna terrora garşy jebislik çagyryşyny beren Obama ýurdunyň DAEŞ-i ýok etmek üçin tutanýerli tutum alyp barýandygyny nygtady.

Amerikaly lider Argentinaly ýaş işewür adamlary bilen hem duşuşdy.

Ylym we medeniýet taýdan ýurdy bilen Argentinanyň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi üçin uly mümkinçiligiň bardygyny aýdan Obama 12 ýyllyk Kirçner hökümeti döwründen soň häkimiýetiň başyna gelen Morisýo Makri hakynda öwgüli sözler aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama saparynyň çäginde hormatyna berlen agşam naharyna gatnaşdy.



Degişli Habarlar