“Siriýa krizisi, rus esgerleri üçin harby türgenleşikden has peýdaly boldy”

Putin Siriýanyň hökümetine goldaw bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi

452903
“Siriýa krizisi, rus esgerleri üçin harby türgenleşikden has peýdaly boldy”

Siriýadaky esgerleriniň bir bölegini yzyna çeken Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, garaşylmadyk kararyndan soň başga göçümleriň hem edilip bilinjekdigini aýtdy.

Siriýada Başar Asada goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Putin, “Zerur halatynda Russiýa, bir-iki sagadyň dowamynda sebite ýaňadandan esger ugradyp biler" diýdi.

Putin Kremelde Siriýadaky Hmeýmin harby bazasyndan dolanyp gelen rus uçarmanlaryny kabul etdi.

Putin rus uçarmanlarynyň Siriýadaky howa hüjümleri hakynda öwgüli sözler aýtdy.

Prezident Putin “Siriýa krizisi, rus esgerleri üçin harby türgenleşikden has peýdaly boldy" diýdi.

Putin krizisiň diplomatiýa arkaly çözülmelidigini belledi we Siriýanyň hökümetine goldaw bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar