Donald Tusk Kiprde we Türkiýede saparda bolar

Donald Tusk Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen duşuşar

451393
Donald Tusk  Kiprde we Türkiýede saparda bolar

ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk 17-nji martda penşenbe güni Brýusselde geçiriljek ÝB-Türkiýe maslahatynyň öňüsyrasynda Kiprde we Türkiýede saparda bolar.

Tusk saparyny bosgunlar krizisi baradaky maslahatyň öňüsyrasynda taýarlyklaryny tamamlamak maksady bilen guraýar.

Donald Tusk Lefkoşada Türkiýäniň ÝB bilen agzalyk gepleşikleriniň depgininiň güýçlendirilmegine garşy çykýan Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen duşuşar.

Türkiýe bosgunlar meselesinde hyzmatdaşlyk edilmegi üçin doly agzalyk gepleşiklerinde 5 barlag seljeriş ugrunyň açylmagyny isleýär.

Kipriň grek bölegi bolsa Türkiýäniň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndaky esgerlerini yzyna çekmeýändigi sebäpli ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky agzalyk gepleşiklerini bökdeýär.

Donald Tusk Lefkoşadan soň Ankara geler we Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen duşuşar.



Degişli Habarlar