Fransiýa PKK-nyň terror guramalarynyň sanawyndan çykarylmagyna garşy

PKK 2002-nji ýylda beýleki atlary KADEK we Kongra-Gel bilen birlikde ÝB-niň terror guramalarynyň sanawynda ýer alýar

442825
Fransiýa PKK-nyň terror guramalarynyň sanawyndan çykarylmagyna garşy

Fransiýanyň Daşary işler ministrligi PKK-nyň terror guramalarynyň sanawyndan çykarylmagyna garşydygyny mälim etdi.

Fransiýanyň Daşary işler ministrligi Ýewropa Parlamentinde PKK-nyň terror guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy maksady bilen edilýän tagallalar hakynda beýanat berdi.

Beýanatda “Fransiýanyň PKK-a garşy tutumy bellidir we asla üýtgemez. PKK ÝB-nyň terror guramalarynyň sanawynda ýer alýan terror guramadyr. Guramanyň sanawda ýer almagyna sebäp bolan aksiýalary dowam edýär" diýildi.

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda şeýle hem terror guramasy PKK-nyň Türkiýede 2015-nji ýylyň 22-nji iýulyndan bäri guraýan ýaragly hüjümleri ýazgaryldy.

Terror guramasy PKK 2002-nji ýylda beýleki atlary KADEK we Kongra-Gel bilen birlikde ÝB-niň terror guramalarynyň sanawynda ýer alýar.

Şol sanawa 2007-nji ýylyň 28-nji iýunynda käbir ýaragly hüjümlerini PKK-nyň adyndan guraýan TAK hem alyndy.



Degişli Habarlar