Peruda sil apaty

Sil sebäpli 3 müň 70 adam öýüni terk etmäge mejbur boldy

442125
Peruda sil apaty

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Peruda aşa köp ýagan ýagyşlar we ýeriň süýşmegi sebäpli takmynan 3 müň adam öz öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

Ýurduň elektrik tok we telefon liniýalaryna zeper ýetdi, ýollar bolsa ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi.

30 müň adama ýaramaz täsirini ýetiren apat sebäpli 3 müň 70 adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

Bütindünýä Meteorologiýa guramasy okeanyň suwlarynyň ýylamagy bilen emele gelýän aşa köp ýagýan ýagyşy, tüweleýi, sili we gurakçylygy artdyrýan El Ninonyň soňky 15 ýylyň iň güýçli tebigy heläkçiliginiň bolmagynyň ähtimaldygyny belleýär.



Degişli Habarlar