Ýaponiýanyň ilaty 2010-njy ýyldan bäri 1 million adam azaldy

Ýaponiýanyň ilaty 2010-2015-nji ýyllar aralygynda 1 million adam azaldy

440144
Ýaponiýanyň ilaty 2010-njy ýyldan bäri 1 million adam azaldy

Ýaponiýanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan çap edilen hasabata görä ýurduň ilaty oktýabr aýynda geçirilen sanawda 2010-njy ýyla garanyňda 0,74 göterim azalyp, 127 million 100 müň adam diýip kesgitlendi.

Bu dereje Ýaponiýanyň ilatynyň 5 ýylda 947 müň azalandygyny görkezýär.

Ýurduň ilatynyň 2050-nji ýylda 108 milliona çenli, 2060-njy ýylda bolsa 87 milliona çenli azaljakdygy çak edilýär.

Hünärmenler Ýaponiýada çagalaryň dogulyşynyň azalýandygyna we hökümetiň bosgunlary kabul etmeýändigine ünsi çekdi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe ýurtda çaga dogulyşyny 1,4 göterimden 1,8 göterime çenli artdyrmak maksady bilen adamlara goldaw berjekdiklerini mälim edipdi.



Degişli Habarlar