Siriýada guralan bombaly hüjümlerde 150-den gowrak adam ýogaldy

Hüjümleriň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne aldy

436963
Siriýada guralan bombaly hüjümlerde 150-den gowrak adam ýogaldy

Siriýanyň paýtagty Damaskda we Homus şäherlerinde guralan bombaly hüjümlerde 150-den gowrak adam ýogaldy.

Homus şäherde Siriýanyň hökümetiniň gözegçiligi astyndaky etrapçada iki ulag bilen bombaly hüjüm guraldy.

Bomba ýüklenen ulaglarlardan her 20 minutda biri ýaryldy.

Hüjümlerde 59 adam ýogaldy, 100-den gowrak adam hem ýaralandy

Paýtagt Damaskda şaýylar tarapyndan keramatly hasaplanylýan Seýýide Zeýnep türbediniň golaýynda 4 bombaly hüjüm guraldy.

Hüjümlerde 96 adam ýogaldy, 200-e golaý adam hem ýaralandy.

Hüjümleriň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne aldy.



Degişli Habarlar