Al-Jübeýr: “Gury ýer operasiýasy Asada garşy däl, DAEŞ-e garşy”

Howa, deňiz we gury ýer goşunlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän harby tälime Günbatar ýurtlary çagyrylmady

435870
Al-Jübeýr: “Gury ýer operasiýasy Asada garşy däl, DAEŞ-e garşy”

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al-Jübeýr ýurdunyň Siriýada gurajak gury ýer operasiýasynyň Asada garşy dälde, DAEŞ-e garşy boljakdygyny habar berdi.

Saud Arabystanyň Daşary işler ministri häzirki wagtda ýeke-täk wezipeleriniň DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky ýerleri saplamakdygyny belledi.

Al-Arabiýanyň berýän habaryna görä Jübeýr: “Saud Arabystany hyzmatdaş güýçleriniň bir bölegi hökmünde, DAEŞ-i ýok etmek maksady bilen Siriýa ýörite harby topar ugratmaga taýar. Ýeke-täk wezipämiz we jogapkärçiligimiz şoldyr" diýdi.

Saud Arabystanynyň esgerleriniň Siriýa diňe halkara koalisiýanyň çäginde girjekdigini bellän Saud Arabystanyň ministri ýeke özleriniň operasiýa guramak niýetleriniň ýokdugyny mälim etdi.

Beýleki tarapdan bolsa Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky Ýakyn Gündogaryň iň uly harby tälimi Raduş Şimal ýurduň demirgazygyndaky Hafer Al-Batyn welaýatynyň Şa Halid harby bazasynda dowam edýär.

18 gün dowam etjek harby tälime 19 ýurt ýagny Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Iordaniýa, Bahreýn, Senegal, Sudan, Kuweýt, Maldiwler, Marokko, Pakistan, Çad, Tunis, Komorlar, Jibuti, Oman, Katar, Müsür, Mawritaniýa, Mawrikiý ýaly ýurtlar bilen birlikde Al-Jezire galkan güýji hem gatnaşýar.

Howa, deňiz we gury ýer goşunlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän harby tälime Günbatar ýurtlary çagyrylmady.



Degişli Habarlar