Obama geljek aý Kuba sapar gurar

Kubadaky 1959-njy ýyldaky ynkylapdan soň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar kesilipdi

434891
Obama geljek aý Kuba sapar gurar


ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama geljek aý Kuba sapar gurar.

Amerikan habar kanaly JNN, Obamanyň Latin Amerika ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde mart aýynda Kuba sapar gurajakdygyny habar berdi.

Kubadaky 1959-njy ýyldaky ynkylapdan soň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar kesilipdi.

Geçen ýyl diplomatik gatnaşyklaryň resmi taýdan başlamagy bilen birlikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşmaga başlady.

Amerikan hökümetiniň 2014-nji ýylyň ahyrynda 50 ýyldan gowrak wagt soň Kuba goýlan ykdysady çäklendirmeleriň bes edilmegi hakynda kabul eden kararyndan soň iki ýurduň ilçihanalary ýaňadandan açylypdy.

Taraplar soňky gezek iki ýurduň arasynda uçar saparlarynyň başlamagy üçin şertnama baglaşypdy.



Degişli Habarlar