Russiýa Siriýada hüjümlerini dowam etdirýär

Rus uçarlarynyň Siriýanyň İdlib we Azaz şäherlerine guran hüjümlerinde 50 adam ýogaldy

433297
Russiýa Siriýada hüjümlerini dowam etdirýär

5 hassahana we 2 mekdebe düşen rokeralar sebäpli 100 adam ýaralandy.

Azazda bombalanan hassahanada ýogalanlaryň hatarynda göwreli aýallar hem we çagalar hem bar.

İdlibde bombalanan hassahanalardan biri halkara ynsanperwer kömek guramasy Serhetsiz lukmanlar jemgyýeti tarapyndan dolandyrylýardy.

Gurama bombardymanyň 40 müňden gowrak adamy hassahanasyz goýandygyny habar berdi.

Türkiýe bolsa Russiýanyň mekdebe we hassahanalara guran howa hüjümlerini berk ýazgardy.

Beýanatda: “Bu hüjümler adamkärçilige we wyždana sygmaýşy ýaly halkara hukukdaky manysy aç-açan harby jenaýatdyr" diýilýär.

Beýanatda Siriýa Halkara Goldaw toparynyň 11-nji fewralda Mýunhende geçirilen maslahatynda Siriýada çaknyşyklaryň bes edilmegi barada netijä gelinendigi ýatladylýar.

Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: “Russiýa Federasiýasy Siriýany parahatçylykdan we durnuklylykdan günsaýyn daşlaşdyrýan hüjümlerini dessine bes etmän halatynda has agyr netijeleriň ýüze çykmagy gutulgysyz bolar" diýilýär.

ABŞ hem hüjümi berk ýazgardy. BMG-niň baş Sekretary Pan Gi Mun şeýle hüjümleriň halkara kanunlaryna äsgermezçilik bolandygyny aýtdy.

Hüjümleri “Halkara gumanitar hukugynyň aç-açan bozulmagy" hökmünde häsýetlendiren Halkara Günägeçişlik guramasy hem Russiýany hüjümleri bes etmäge çagyrdy.



Degişli Habarlar