Rus harby uçarlarynyň guran howa hüjüminde 16 adam ýogaldy

Hüjüm sebäpli ýaşaýyş ýerleri ýykyldy

431597
Rus harby uçarlarynyň  guran howa hüjüminde 16 adam ýogaldy


Rus harby uçarlarynyň Siriýanyň Homus şäheriniň Ganto etrapçasynda guran howa hüjüminde 16 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.

Mesele hakynda berlen maglumata görä hüjüm sebäpli ýaşaýyş ýerleri ýykyldy.

Rus harby uçarlarynyň hüjüminde ýaralananlaryň bolsa etrapçadaky göçme keselhanada bejergi alýandygy nygtalýar.

Beýleki tarapdan Homusdaky meýletinler bolsa rus harby uçarlaryň şäheriň Telbise etrabyna, Ganto we Deýs Kebir etrapçalaryna wakum bombasy bilen hüjüm edendigini we bombaly hüjümlerde köp sanly adamyň ýogalandygyny we ýaralanandygyny öňe sürýär.



Degişli Habarlar