Damaskda bombaly hüjüm guraldy

Partlama sebäpli golaýdaky öýlere we iş ýerlerine zeper ýetdi

429532
Damaskda bombaly hüjüm guraldy

Siriýanyň paýtagty Damaskda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 8 adam ýogaldy.

Polisiýa işgärleriniň naharhanasynyň golaýynda bolan partlamada şeýle hem 20 adam ýaralandy.

Partlama sebäpli golaýdaky öýlere we iş ýerlerine zeper ýetdi.

Damaskda geçen aý hem Siriýadaky şaýylaryň aramgähi bolan Seýit Zeýnep aramgähiniň golaýynda guralan iki aýry hüjümde 71 adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #partlama , #Siriýa , #Damask , #bomba , #ulag , #şaýy

Degişli Habarlar