Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Salihi beýanat berdi

Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Ataullah Salihi Eýranyň roketa programmasyny çalt depginler bilen dowam etdirjekdiklerini habar berdi

427358
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Salihi beýanat berdi

Salihi roketa programmasynyň goňşy we dost ýurtlara howp salmajakdygyny mälim etdi.

Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Salihi roketa programmasyny dowam etdirmekleriniň ýadro ylalaşygynyň düzgünlerini bozmagyny aňlatmaýandygyny belledi.

Geçen aý ýadro programmasy sebäpli Eýrana goýan sanksiýalaryny aýyran ABŞ-nyň roketa tehnologiýasy sebäpli Tährana garşy goýan embargolary dowam edýär.

Beýleki tarapdan bolsa Salihi terror guramasy DAEŞ-iň Eýrana howp salmaýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar