Yragyň DAEŞ-e garşy göreşi dowam edýär

Soňky operasiýada 68 terrorçy öldürildi

424907
Yragyň DAEŞ-e garşy göreşi dowam edýär

Yragyň Howpsyzlyk güýçleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri bilen bilelikdäki terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşi dowam edýär.

Gurama garşy guralan soňky operasiýada 68 terrorçy öldürildi.

Yragyň Goranmak ministrligi Anbarda DAEŞ-e garşy guralan operasiýada 48 terrorçynyň öldürilendigini we guramanyň 7 front liniýasynyň hem bombalanandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara hyzmtdaşlyk güýçleriniň Mosulyň günortasynda DAEŞ-iň ýerlerine garşy guran howa hüjüminde 20 terrorçy öldürildi.

Hüjümde şeýle hem guramanyň howpsyzlyk merkezi hökmünde ulanýan bina hem nyşana alyndy.



Degişli Habarlar