Hasan Ruhani Fransiýa sapar gurar

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Italiýadan soňky duralgasy bolan Fransiýa sapar gurar

425083
Hasan Ruhani Fransiýa sapar gurar
Ruhaniniň Fransiýada gün tertibiniň esasy meselesi söwda ylalaşyklary bolar.
Ruhani Fransiýanyň paýtagty Pariže resmi sapary ertir başlar.
Ruhani saparynyň çäginde fransuz kärdeşi Fransua Olland bilen duşuşar.
Eýranyň Prezidentiniň Parižde 114 sany Airbus ýolagçy uçaryny almak boýunça şertnama gol çekmäge garaşylýar.
Embargolaryň aýrylmagyndan soň ilkinji gezek Ýewropa turuna çykan Ruhana ministrlerden we işewür adamlardan ybarat wekiliýet ýoldaşlyk edýär.
Ruhaniniň Ýewropa turunyň ilkinji duralgasy Italiýa hem resmi sapar gurapdy.
Italiýada kärdeşi Seržio Mattarella we Premýer ministr Matteo Renzi bilen duşuşan Eýranyň lideri iki ýurduň arasynda 17 million ýewrolyk ylalaşyk baglaşdylar.
Eýranyň Prezidenti Ruhani Watikanda Papa François bilen hem duşuşypdy.


Degişli Habarlar