Polşada kabul edilen kanunyna garşy protest ýörişler guraldy

Polşada hökümediň täze kabul eden “Gözegçilik kanuny” ýurduň ençeme şäherinde geçirilen ýörişler arkaly protest edildi

424302
Polşada kabul edilen kanunyna garşy protest ýörişler guraldy

Paýtagt Warşawa bilen bilelikde ýurduň 40 şäherinde protest ýörişler guraldy.

Kabul edilen täze kanuna garşy çykan müňlerçe adam köçelere çykdylar.

ÝB-niň we Polşanyň baýdaklaryny daşaýan demonstrantlar täze kanunyň adamlaryň şahsy gizlinligini basgylaýandygyny bellediler.

Polşada oktýabr aýynda geçirilen saýlawlar arkaly Hukuk we adalat partiýasy hökümediň başyna geçdi.

Täze hökümetiň kabul eden bu kanuny ÝB-niň Komissiýasy tarapyndan hem tankyt edildi.



Degişli Habarlar