Eýran bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirýärler

Ýakyn Gündogar ýurtlaryna syýahada çykan Hytaýyň Döwlet ýolbaşçysy Si Szinping Saud Arabystanyndan we Müsürden soň Eýranda saparda boldy

424303
Eýran bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirýärler

Szinping Tähranda Prezident Hasan Ruhani bilen duşuşdy.

Iki ýurduň arasynda 25 ýyllyk strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygy baglaşyldy.

Tähran we Pekin dürli-dürli ugurlary öz içine alýan 17 şertnama gol çekişdiler.

Hytaýyň Döwlet ýolbaşçysy Si Szinping Eýranyň dini lideri Aýetullah Hamaneý bilen hem duşuşdy.

Hamaneý iki ýurduň arasynda baglaşylan 25 ýyllyk strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygyna örän şatdygyny belledi.

Pekin we Tähran öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda kuwwadyny 600 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýärler.

Iki ýurduň arasyndaky söwda kuwwady 2014-nji ýylda 52 milliard dollar töweregi boldy.

Dünýäde nebit öndürmek boýunça 5-nji orunda bolan Eýran Hytaýa nebit eksport edýän ýurtlaryň arasynda 6-njy orunda barýar.



Degişli Habarlar