Fransiýada musulmanlara geçen ýyl 400 gezek hüjüm guraldy

Ministr şol çärýekde Fransiýada jöhitlere garşy guralýan hüjümleriň 5 göterim azalanadygyny belledi

423664
Fransiýada musulmanlara geçen ýyl 400 gezek hüjüm guraldy

Fransiýada musulmanlara edilýän hüjümler 2015-nji ýylda 2014-nji ýyla garanyňda 3 esse köpeldi.

La Kroiks gazedine beýanat beren ýurduň Içeri işler ministri Bernard Kazeneuwe ýurtda 2015-nji ýylda musulmanlara edilýän hüjümleriň 3 esse artandygyny mälim etdi.

Fransiýanyň içer işler ministri Bernard Kazeneuwe: “Fransiýada 2015-nji ýylda musulmanlary nyşana alyp 400 gezek hüjüm guraldy. Olaryň ýarysy 2015-nji ýylyň ilkinji çärýeginde ýagny Çarli Ebdo we Giper Kaşer hüjümleriniň edil yz ýanyndan boldy” diýdi.

Ministr şol çärýekde Fransiýada jöhitlere garşy guralýan hüjümleriň 5 göterim azalanadygyny belledi.



Degişli Habarlar