Brýusselde 2015-nji ýylyň syňky maslahaty geçirilýär

Güntertibinde bosgunlar meselesinde ýetilen soňky sepgit we Britaniýanyň özgertmeler boýunça islegleri bar

412713
Brýusselde 2015-nji ýylyň syňky maslahaty geçirilýär

Mesele ilki Brýusselde Türkiýäniň gatnaşmagyndaky kiçi göwrümli maslahatda, soňky bolsa 2015-nji ýylyň liderler derejesindäki soňky maslahatynda ara alynyp maslahatlaşylýar.
ÝB-ne agza 28 ýurduň hökümet we döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky maslahatda garaljak esasy meselelerden biri hem Britaniýanyň özgertmeler baradaky islegleri.
Britaniýa 2017-nji ýylyň dowamynda geçiriljek referendum arkaly ÝB-niň çäginde galyp-galmajakdygyny sese goýmaga taýarlanýar.
ÝB Komissiýanyň başlygy Ýan Klod Ýunker Britaniýanyň ÝB-den aýrylmagyny islemeýändigini nygtan bolsa, Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk Britaniýanyň özgertmeler baradaky käbir islegleriniň kabul edilip bilinmejekdigini aýtdy.
Maslahata barýarka beýanat beren Dewid Kameron bolsa maslahatdan ylalaşyga garaşmaýandyklaryny aýtdy.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly bolsa Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.
Duşuşykdan ozal Çipras bilen duşuşmagyň özi üçin hoşallyk döredijidi wakadygyny aýdan Dawutogly, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda bosgunlar meselesi bilen birlikde köp sanly ugurda pikir alyşjakdygyna ünsi çekdi.
Dawutogly Türkiýe bilen Gresiýanyň “iki dost ýurt” hökmünde Ýewropada bilelikde işleşjekdiklerini nygtap, “Bu hyzmatdaşlyk Ýewropanyň bähbidine bolar. Şol sanda Gündogar Ortaýer sebiti üçin hem möhüm” diýdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen hem duşuşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar