Rus harby uçarlary paýtagt Damaskda asuda ilaty nyşana aldy

Bombaly hüjümlerde 50 adam ýogaldy

408345
Rus harby uçarlary paýtagt Damaskda asuda ilaty nyşana aldy


Bombaly hüjümlerde 50 adam ýogaldy, 200 adam hem ýaralandy.
Russiýanyň ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlar Siriýanyň paýtagty Damaskyň gündogarynda ýerleşýän oppozisionerleriň gözegçiligi astynda Duma etrabyna bombaly hüjüm guraldy.
Rus harby uçarlarynyň Duma etrabynda asuda ilata garşy 25 howa hüjümini gurandygy nygtaldy.
Hüjümlerde ýaralananlar goňşy etraplardaky göçme keselhanalarda bejeriş astyna alyndy.
Gündogar Gutada oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky etrapçalarda Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan gury ýerden hem roketa hüjümi guraldy.
Beýleki tarapdan Hizbullah Siriýanyň Halap şäherinde bolan çaknyşyklarda 14 esgeriniň ýogalandygyny habar berdi.
Hizbullah Siriýadaky içerki uruşda 2013-nji ýyldan bäri Asada tabynlykdaky güýçler bilen birlikde söweşýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar