Gambiýa Yslam döwleti boldy

“Gambiýanyň ykbaly Beýik biribaryň ellerindedir. Şu günden başlap Gambiýa yslam döwletidir"

407271
Gambiýa Yslam döwleti boldy

Gambiýanyň Prezidenti Ýahýa Žammeh ýurdunyň mundan beýläk “Yslam döwletini” yglan etdi.
Ýahýa Žammeh Günbatar Afrika ýurdy Gambiýanyň kenarýaka şäheri Brufuta beren beýanatynda “Gambiýanyň ykbaly Beýik biribaryň ellerindedir. Şu günden başlap Gambiýa yslam döwletidir. Raýatlarymyzyň hukuklaryna sarpa goýýan yslam döwleti bolarys” diýdi.
Gambiýanyň Prezident diwanynyň internet saýtynda 1994-nji ýyldan bäri Gambiýanyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirýan Ýahýa Žammehiň beýanatyna ýer berildi.
Resmi görkezijilere görä Gambiýanyň 1,5 millionlyk ilatynyň 90 göterimi musulmanlardan ybarat.
Afrikada yslam döwleti bolan beýleki bir ýut bolsa Moritaniýadyr.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar