Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşi Riýatda jemlenişdi

Salman Bin Abdulaziz terror bilen yslam dinini arabaglanşykly hökmünde görkezmegiň ýalňyşdygyny belledi

361055
Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşi Riýatda jemlenişdi

Pars Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda geçirilýär.
Maslahatyň açylyş dabarasynda söz sözlän Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz terror bilen yslam dinini arabaglanşykly hökmünde görkezmegiň ýalňyşdygyny belledi.
Saud Arabystanynyň Şasy sebitleriniň diýseň agyr şertleri başdan geçirýändigini nygtady we kynçylyklaryň hötdesinden gelmek üçin jebislik çagyryşyny berdi.
Saud Arabystanynyň Şasy Salman Palestinanyň halkynyň kanuny hukuklaryna eýe bolmagyna we garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyna uly ähmiýet berýändiklerini belledi.
Salman Siriýa meselesiniň hem birinji Ženewa maslahatynda kabul edilen kararlara laýyklykda syýasy taýdan çözülmelidigini ýatlatdy.
Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sani hem terroryň döwrebap dünýäniň sezewar bolýan iň uly howplaryndan biridigini nygtady.
Iki gün dowam etjek maslahatda sebitara wakalar bilen birlikde Pars Aýlag ýurtlarynyň howpsyzlygy, harby we ykdysady taýdan edilýän gatnaşyklar meselesi seljerler.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar