"Eýran Yraga we Siriýa howa hüjümini gurap biler"

Purdestan Eýranyň Yrakda we Siriýada geňeşçi hökmünde iş alyp barýandygyny nygtady

404390
"Eýran Yraga we Siriýa howa hüjümini gurap biler"

Eýranyň Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Ahmet Ryza Purdestan ýurdunyň Yraga we Siriýa howa hüjümini gurap biljekdigini mälim etdi.

Purdestan Eýranyň Yrakda we Siriýada geňeşçi hökmünde iş alyp barýandygyny nygtady we howa hem-de gury ýer hüjümlerine gatnaşyp biljekdiklerini öňe sürdi.

Purdestan Eýran bilen Russiýanyň arasynda S-300 kysymly roketalardan soň T-90 kysymly tanklaryň satyn alynmagy meselesiniň gün tertibinde esasy rol oýnaýandygyny mesele hakynda iki ýurduň hünärmenleriň arasynda gepleşikleriň geçiriljekdigini ýatlatdy.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar