"2014-nji ýyldan bäri 23 müň DAEŞ terrorçysy ýok edildi"

ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaşlygyň 2014-nji ýylyň awgust aýyndan bäri terror guramasy DAEŞ-e garşy Yrakda we Siriýada alynyp barylýan operasiýalaryň çäginde 23 müň ýaragly terrorçy öldürildi

357315
"2014-nji ýyldan bäri 23 müň DAEŞ terrorçysy ýok edildi"

Operasiýalar boýunça metbugat geňeşçisi amerikaly polkownik Stiw Warren ABŞ-nyň Yragyň paýtagty Bagdatdaky ilçihanasynda metbugata beren beýanatynda halkara hyzmatdaşlygynyň 2014-nji ýylyň awgust aýyndan bäri DAEŞ-e garşy alynyp barylýan operasiýalaryň çäginde 5 müň sanysy Yrakda, 3500 sanysy Siriýada jemi 8500 howa hüjümüni gurandygyny, şol hüjümlerde guramanyň 23 müň ýaragly terrorçysynyň öldürilendigini aýtdy.
Hyzmatdaş güýçlerinin çaklamalaryna görä Yrakda we Siriýada DAEŞ-e agza 20-30 müň aralygynda terrorçynyň bardygyny nygtan Warren: “İki hepde ozal başlan “ikinji tolkun” atlandyrylýan operasiýalarda gurama degişli 400 nebit tankeri uruldy” diýdi.
Polkownik Stiw Warren : “Türkiýäniň DAEŞ-e goldaw berýändigi” baradaky jedeller hakynda “Türkiýe hyzmatdaşlarymyzdan biri. Türkiýe DAEŞ-iň derbi-dagyn edilmegi we ýok edilmegi üçin goldaw berýär” diýdi.
Beýleki tarapdan terror guramasy DAEŞ-e garşy guralýan howa operasiýalary Britaniýada syýasatyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.
Britaniýanyň Parlamenti ertir DAEŞ-e garşy howa operasiýalaryny geçirýän halkara hyzmatdaşlygyna goşulmak barada sese goýulşyk geçirer.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar