"Russiýa wizasyz syýahat kararyny saklady"

Moskwa Türkiýe bilen baglaşylan wizasyz syýahat kararynyň saklanmagy hakynda karar kabul etdi

356119
"Russiýa wizasyz syýahat kararyny saklady"

Rus harby uçarynyň serhedi bozandygy üçin türk F-16 kysymly uçarlar tarapyndan urlup düşürilmegi sebäpli emele gelen dartgynlyk dowam edýär.
Resmi Moskwa Türkiýe bilen baglaşylan wizasyz syýahat kararynyň saklanmagy hakynda karar kabul etdi.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada saparda bolýan siriýaly kärdeşi Welid Muallym bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.
Lawrow “Russiýa 1-nji ýanwardan başlap Türkiýe bilen baglaşylan wizasyz syýahat kararynyň saklanmagy hakynda karar kabul etdi” diýip belledi.
Lawrow Türkiýä abanýan terror howpy sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigini nygtady.
Russiýa bilen 2010-njy ýylyň 12-nji maýynda baglaşylan wizasyz syýahat şertnamasy 2011-nji ýylyň 16-njy aprelinde güýje giripdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar