Russiýa Siriýa S-400 kysymly howadan goranyş ulgamyny ornaşdyrdy

ABŞ Russiýanyň S-400-ler baradaky kararyna alada bildirýär

394415
Russiýa Siriýa S-400 kysymly howadan goranyş ulgamyny ornaşdyrdy


Türk F-16 kysymly uçarlaryň howa giňişligini bozandygy sebäpli rus harby uçaryny sişenbe güni urup düşürmeginden soň Russiýa, Siriýadaky Hmeýmim harby bazasyna S-400 kysymly howadan goranyş ulgamyny ornaşdyrdy.
Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Soýgunyň Hmeýmim harby bazasyna döwrebap S-400 kysymly howadan goranyş ulgamynyň ornaşdyrylmagy hakyndaky teklibi Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan tassyklanypdy.
Putin mesele barasynda beren beýanatynda uçarlarynyň urlup düşürlendigi üçin howpsyzlyk sebäpli howadan goranyş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy barada karar kabul edendiklerini aýtdy.
S-400 kysymly howadan goranyş ulgamy uzak we orta menzilli roketalar bilen howadaky nyşanalaryny 400 kilometre çenli urup bilýär.
Russiýanyň inwentaryndaky iň kämil howadan goranyş ýaraglary bolan S-400-leriň menzilleri Türkiýäniň ýarysyna golaýyny, Kipri we Liwany öz içine alýar.
ABŞ Russiýanyň S-400-ler baradaky kararyna alada bildirýändiklerini aýan edipdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar