Hüjümler syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsirini ýetirdi

Parižde myhmanhanalara gelýän syýahatçylaryň sany 30 göterim aşaklady

421808
Hüjümler syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsirini ýetirdi

Fransiýada guralan terrorçylykly hüjümler syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsirini ýetirdi.
Fransiýanyň Premýer ministri Manuel Walls meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Paýtagt Parižde 13-nji noýabrda guralan gan döküşikli hüjüm sebäpli şäheriň meşhur myhmanhanalaryna gelýän syýahatçylaryň sany 30 göterim aşaklady.
Pariže gelýän syýahatçylar köp adamly ýerlerden çetde durýar.
Paýtagt Parižde syýahatçylyk pudagynda 200 müňe golaý adam işleýär.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar