Rus uçary serhedi bozdumy?

Türkiýe-Siriýa serhedini bozan rus harby uçarynyň urlup düşürilmegine reaksiýalar dowam edýär

368311
Rus uçary serhedi bozdumy?

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin urlup düşürilen uçaryň 6 müň metr belentlikden we Türkiýeden 1 kilometr alysdan uçandygyny öňe sürüp, “ýeňsämizden hanjarlandyk” diýdi.
Resmi sapar bilen İordaniýada bolýan Wladimir Putin: “Bu meseläniň Türkiýe bilen gatnaşyklarda düýpli netijeleri bolar” diýdi.
Rus lider urlup düşürilen uçaryň Siriýada DAEŞ-e agza terrorçylara garşy hüjümler gurandygyny hem öňe sürdi.
Russiýanyň goranmak ministrligi hem uçaryň haýsydyr bir serhet bozma etmändigini, “uçaryň guryýerden urlup düşürilendigini” beýan edipdi.
NATO bolsa Türkiýäniň çagyryşyna laýyklykda agşam ara maslahat geçirer.
NATO-nyň metbugat geneşçisi: “Mesele bilen ýakyndan gyzyklanýarys, türk ýolbaşçylary bilen aragatnaşygymyz dowam edýär” diýdi.
Türk topary maslahatda rus uçarynyň urlup düşürilen koordinatlary bilen birlikde mesele boýunça hyzmatdaşlaryna giňişleýin maglumat berer.
Mesele Ankarada giň beýan tapdy.
BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinin hemişelik agzalary: ABŞ-nyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Hytaýyň we Russiýanyň Ankaradaky wekilleri Daşary işler ministrligine çagyrylyp, türk howa giňişligini bozandygy üçin urlup düşürilen uçar barada maglumat berildi.
Rus harby uçarynyň urlup düşürilmegi Ankarada Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek Howpsyzlyk maslahatynda-da seljeriler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar