Putiniň gün tertibinde DAEŞ we Siriýa meselesi orun eýeledi

"Hiç kim öz garaýşyny başga bir ýurduň halkyna kabul etdirmek hukugyna eýe däldir"

421544
Putiniň gün tertibinde DAEŞ we Siriýa meselesi orun eýeledi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Eýranda saparda boldy.
8 ýyl soň Eýrana baran Putiniň gün tertibinde DAEŞ we Siriýadaky soňky ýagdaý meselesi esasy orun eýeledi.
Putin saparynyň çäginde Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý we Prezident Hasan Ruhani bilen duşuşdy.
Duşuşyklarda Siriýadaky soňky ýagdaý we terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Putin Siriýanyň geljegine siriýanyň halkynyň karar bermelidigini ýene-de bir gezek nygtady.
Rus lideri “Hiç kim öz garaýşyny başga bir ýurduň halkyna kabul etdirmek hukugyna eýe däldir. Demokratiýa goldaw berýändiklerini aýdýan adamlar Siriýadaky saýlawlara gatnaşyp bilmez”diýdi.
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bolsa terror guramalaryna garşy göreşde Russiýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdiklerini belledi.
Putiniň saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda saglygy goraýyşdan bankçylyk pudagyna, wiza ýeňilliginden transporta çenli birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edilmegini maksat edinýän şertnamalar bukjasyna gol çekişildi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar