Putin 8 ýyl soň Eýrana sapar guraýar

Putin saparynyň çäginde ilki Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý bilen duşuşdy

368041
Putin 8 ýyl soň Eýrana sapar guraýar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 8 ýyl soň Eýran Yslam Respublikasyna sapar guraýar.
Gaz eksport edýän ýurtlaryň maslahatyna gatnaşmak üçin Eýrana giden Putiniň gün tertibinde Siriýadaky ýagdaý we terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş meselesi esasy orun eýeleýär.
Wladimir Putin saparynyň çäginde ilki Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý bilen duşuşdy.
Rus lideriniň Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.
Putin bilen Ruhani Günbatarly ýurtlar bilen Eýranyň arasynda baglaşylan ýadro şertnamasy bilen Eýrana goýlan embargolar, özara gatnaşyklar we harby hyzmatdaşlyk meselesi barada pikir alyşar.
İki ýurduň arasynda saglygy goraýyş pudagyndan syýahat ýeňilligine çenli birnäçe şertnama gol çekişiler.




Etiketkalar:

Degişli Habarlar