Krymda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Iki million adamyň elektrik togy kesildi

420692
Krymda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Krymda elektrik togy kesidi we adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
Ukrainadan gelýän elektrik liniýasyndaky näsazlyk sebäpli iki million adamyň elektrik togy kesildi.
Elektrik liniýasynda bolan partlama sebäpli togyň kesilendigi habar berildi.
Partlamanyň näme sebäpli bolandygy barada bolsa maglumat berilmedi.
Resmiler heniz mesele barada beýanat bermedi emma ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.
Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, partlamalaryň Ukrainaly milletçiler tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar