Russiýa BMG-na teklip hödürledi

Russiýa DAEŞ-e garşy göreş taslamasyny BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine ýaňadandan hödürledi

367254
Russiýa BMG-na teklip hödürledi

Russiýa terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş üçin sentýabr aýynda taýarlanan taslamasyny käbir özgertmeler girizip, BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşine ýaňadandan hödürledi.
Russiýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Witali Çurkin taslamanyň aktuallaşdyrylandygyny aýdan hem bolsa, giňişleýin maglumat bermedi.
Pariždäki terrorçylykly aksiýadan soň Fransiýa hem şol mesele boýunça karar taslamasyny taýarlajakdygyny habar beripdi. İki ýurduň taslamalaryny birleşdirip, birleşdirmejekdikleri näbelli bolmagynda galýar.
Fransiýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wkili Fraçois Delattre žurnalistlere beren beýanatynda Fransiýanyň taslamasynyň “gysga, güýçli we umumy duşmana garşy göreşe gönükdirilendigini” aýtdy.
Müsürde rus uçarynyň partladylmagy we Parižde guralan terrorçylykly hüjümlerden soň iki ýurt hem Siriýadaky operasiýalarynyň gerimini giňeldipdi. Russiýanyň Siriýada DAEŞ-e degişli ýerleri däl, eýsem parasatly oppozisionerleri bombalap, Başar Asada goldaw berýändigi öňe sürülipdi.
Russiýanyň sentýabr aýynda taýarlan karar taslamasynda DAEŞ-e garşy göreşýän ýurtlaryň utgaşykly işleşmegi tapap edilýärdi. Geňeşiň günbatarly agzalary DAEŞ-e garşy göreşýänleriň hatarynda Siriýanyň hökümetiniň hem bardygy üçin islege seresaply çemeleşipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar