BMG-da hüjümlerde gurban bolanlar üçin hormatly dymyşlyk edildi

"Adalat üçin, parahatçylyk üçin, adam-hukuklary we durnuklylyk üçin arkalaşykly hereket etmelidiris”

418830
BMG-da hüjümlerde gurban bolanlar üçin hormatly dymyşlyk edildi

BMG-nyň Baş Assambleýasynda soňky döwürde guralan terrorçylykly hüjümlerde gurban bolanlar üçin hormatly dymyşlyk edildi.
193 ýurduň wekiliniň gatnaşmagynda geçirlen Baş Assambleýanyň maslahatynda çykyş eden BMG-nyň Baş Assambleýasynyň başlygy Mogens Kyýýetoft, Ankarada, Bagdatda, Parižde we Beýrutda guralan hüjümler bilen Müsürde bomba sebäpli heläkçilige uçran rus ýolagçy uçarynda ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýändigini aýtdy.
DAEŞ, Boko Haram, Aş Şabab we Al Kaide ýaly beýleki terror guramalarynyň ynsanyň janyna kast edýän hüjümleriniň BMG-nyň gymmatlyklaryna hem howp salýandygyny aýdan Lykketoft, “Bu kynçylykly günlerde gussa we ynanç gahar-gazaba we hoşniýetsizlige öwrülip bilner. ABŞ-nyň Baş Assambleýasy hökmünde adalat üçin, parahatçylyk üçin, adam-hukuklary we durnuklylyk üçin arkalaşykly hereket etmelidiris” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar