Ruhani Oland bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Eýran Yrakda we Siriýada DAEŞ-e garşy göreşini dowam etdirer

366901
Ruhani  Oland bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Yrakda we Siriýada DAEŞ-e garşy göreşiň dowam etdirilmelidigini nygtady.
“Parahatçylyk dini bolan yslam dini terrorçylykly hüjümlere garşydyr. Terrorçylaryň yslam dinine uýýandyklary hem ýalandyr” diýdi.
Ruhani Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Hasan Ruhani Parižde 129 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüm sebäpli fransuz kärdeşine gynanç bildirdi.
Terrorçylaryň zulum we basyş arkaly döwletleri we halklary boýun egdirip bilmejekdigini aýdan Ruhani, terrorçylyga garşy göreşde bilelikde hereket edilmegini teklip etdi.
Ruhani Eýranyň we Fransiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ünsi çekdi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geçmişiniň taryhyň çuňluklaryna tarap uzap gidýändigini nygtady.
Duşuşykda iki lider Ruhaniniň Pariždäki hüjüm sebäpli goý bolsun edilen saparynyň gysga wagtda amala aşyrylmagy meselesinde ylalaşyk gazandy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar