BMG-nyň Baş sekretary 22 ýyl soň Demirgazyk Koreýa sapar gurar

Mun 22 ýyl soň Demirgazyk Koreýa sapar guran BMG-nyň ilkinji Baş sekretary bolar

366458
BMG-nyň Baş sekretary 22 ýyl soň Demirgazyk Koreýa sapar gurar

BMG-nyň Günorta Koreýaly Baş sekretary Pan Gi Mun 22 ýyl soň Demirgazyk Koreýa sapar guran BMG-nyň ilkinji Baş sekretary bolar.
Ýonhap habarlar gullugy BMG-na esaslanýan habarynda Pan Gi Munyň Demirgazyk Koreýanyň ýaş lideri Kim Ýong Un bilen duşuşyp biljekdigini mälim etdi.
Pan Gi Munyň saparynyň Demirgazyk Koreýa bilen edilýän gatnaşyklarda öwrülşik nokady bolmagyna garaşylýandygy ýatladyldy.
BMG-nyň Baş sekretary Mun bolsa sapary barada heniz hiç hili beýanat bermedi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar