Russiýa terrora garşy güýçleriň birleşdirilmegini isleýär

Putin Dewid Kameron we Matteo Renzi bilen duşuşdy

417906
Russiýa terrora garşy güýçleriň birleşdirilmegini isleýär

G-20 maslahatyna gatnaşýan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Britaniýanyň Premýer ministri Dewid Kameron we Italiýanyň Premýer ministri Matteo Renzi bilen duşuşdy.
Putin duşuşykda Britaniýanyň Premýer ministri Kamerona terrorçylyga garşy göreşde güýçleriň birleşdirilmelidigini aýtdy.
Britaniýanyň Premýer ministri bolsa Putinden Siriýadaky howa hüjümlerinde oppozisionerleriň däl eýsem DAEŞ-iň nyşana alynmagyny isledi.
Dewid Kameron Britaniýanyň Siriýada guralýan howa hüjümlerine goşulmagy meselesinde Parlamentde kararyň kabul edilmegi üçin tagalla edýändiklerini nygtady.
Siriýanyň Prezidenti Başar Asadyň geljegi baradaky garaýyş tapawutlylygynyň dowam edýändigini we emma biraz hem bolsa azalandygyny aýtdy.
Italiýanyň Premýer ministri Renzi hem duşuşykda terrorçylyga garşy göreşde ilkinji nobatda bilelikde hereket edilmelidigini nygtady.
Putin Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen hem duşuşdy.

 



Etiketkalar:

Degişli Habarlar