Obama Salman Bin Abdulziz bilen duşuşdy

Iki lider DAEŞ-e garşy göreşiň güýçlendirilmegi barada ylalaşyk gazandy

417655
Obama Salman Bin Abdulziz bilen duşuşdy


ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen Saud Arabystanynyň Şasy Salman bin Abdulaziz Al Suud DAEŞ-e garşy göreşiň güýçlendirilmegi barada karar kabul etdi.
Türkiýäniň ýer eýeçiliginde geçirilýän G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Antalýa gelen iki lider özara duşuşyk geçirdi.
Iki lider duşuşykda Pariždäki terrorçylykly hüjümlerden soň terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşiň güýçlendirilmegi barada ylalaşyk gazandy.
Obama bilen Salman Wenada geçirlen maslahatda Siriýada hüjümleriň bes edilmegi we ýurtda syýasy geçiş etabynyň başladylmagy meselesinde gazanylan ylalaşykdan hoşaldyklaryny nygtadylar.
Iki lider Siriýaly oppozisionerleriň geljekdäki parahatçylyk tagallalary barada hem pikir alyşdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar