ÝB Türkiýe bilen bosgunlar meselesi boýunça maslahat geçirer

Bu barasynda ÝB-niň ýolbaşçylary habar berdiler

416350
ÝB Türkiýe bilen bosgunlar meselesi boýunça maslahat geçirer

Maltanyň ýer eýeçiliginde geçirilen Ýewropa bilen Afrika ýurtlarynyň wekillerini bosgun meselesi boýunça jemlän La Waletta maslahatyndan soň guralan ÝB Geňeşiniň resmi däl mejlisinde “Türkiýe bilen gysga möhletde maslahat guramak” barada karar kabul edildi.
ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk we ÝB Komissiýasynyň başlygy Ýan Klod Ýunker maslahatdan soň metbugat ýygnagyny geçirdiler.
Donald Tusk resmi bolmadyk mejlislerinde garalan esasy ugurlardan biriniň Türkiýe bolandygyny nygtap, Türkiýe bilen meseläni çözmekde iki taraply bähbitlere ünsi çekdi.
Tusk: “Mesele çözülýärkä bähbitlere sarpa goýmaklyk ýörelgesiniň goşant goşjakdygyna ynanýarys. Onuň hötdesinden gelmek üçin ählimiz, ÝB-niň elinden geleni etjekdigi barasynda ylalaşdyk. Türkiýäniň hem öz üstüne düşýän borjuny berjaý etmegine garaşýarys” diýdi.
Komissiýanyň başlygy Ýunker bilen 16-njy noýabr duşenbe güni G20-niň maslahatynyň çäginde Prezident R.T.Erdogan we Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen duşuşmaga pursatlarynyň boljakdygyny aýdan Tusk: “28 agza ýurt ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky gepleşiklere taýar. Entek wagty belli däl, emma gysga möhletde, şu ýylyň dowamynda bolup biler. Türkiýe bilen ýokary derejeli maslahat geçireris. Türkiýede täze hökümetiň gurulmagyndan soň, noýabr aýynyň ahyrynda bolup biler” diýdi.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland hem beren beýanatynda ÝB Geňeşiniň Türkiýe bilen birlikde bosgunlar meselesindäki hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ýokary derejeli maslahat geçirjekdigini mälim etdi.
Oland şol maslahatyň üstümizdäki aýyň ahyrynda ýa-da dekabr aýynyň başynda guralyp biljekdigini nygtady.
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel hem maslahatyň geçiriljek wagty boýunça Türkiýeden jogaba garaşýandyklaryny aýtdy.
Merkel NATO-nyň iki hyzmatdaşy, Türkiýe we Gresiýa arkaly ÝB-ne bikanun ýollardan gelýän bosgunlaryň şertleriniň legallaşdyrylmagynyň ýollaryny seljerjekdiklerine ünsi çekdi.
Maslahatda Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby, taze barlag seljeriş ugurlarynyň açylmagy we wiza ýeňilligi bilen bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi baradaky ylalaşyk ýaly ugurlaryň hem ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny aýdan Merkel, Türkiýedäki bosgunlar üçin berilmegi meýilleşdirilýän 3 milliard ýewrolyk maliýe kömeginiň 2016-2017-nji ýyllar üçin göz öňünde tutulýandygyny, şonuň 500 million ýewrosynyň taýardygyny nygtady.
Beýleki tarapdan Malta maslahatynda kabul edilen jarnamada adamyň ýaşaýyşynyň ileri tutulandygy habar berilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar