Fransiýa bilen Eýran gatnaşyklaryny ösdürýär...

Eýranyň lideri BMG-nyň Klimat sammitine gatnaşmak üçin şu aýyň ahrynda Päriže sapar gurar

416071
Fransiýa bilen Eýran gatnaşyklaryny ösdürýär...

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Fransiýa bilen ençeme söwda ylalaşygana gol çekişjekdiklerini mälim etdi.

Fransiýanyň France Télévision kanalynda çykyş eden Ruhani Fransiýanyň 1 milliard dollar möçberindäki söwda kuwwaty bilen Eýranyň 11-nji iň uly söwda hyzmatdaşydygyny habar berdi.

Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge taýarlanýan Fransiýa bolsa Tährana ilkinji etapda Airbus ýolagçy uçarlaryny satmagy meýilleşdirýär.

Ulag we oba-hojalyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk hem iki ýurduň gün tertibinde.

Eýranyň lideri BMG-nyň Klimat sammitine gatnaşmak üçin şu aýyň ahrynda Päriže sapar gurar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar