Russiýanyň hüjümlerinde 40-dan gowrak adam ýogaldy

Russiýanyň Siriýadaky hüjümleri barha ýaýbaňlanýar

413583
Russiýanyň hüjümlerinde 40-dan gowrak adam ýogaldy

Russiýanyň harby uçarlarynyň Damaskda, Halapda we Idlibde guran hüjümlerinde 40-dan gowarak adam ýogaldy.
Russiýanyň howa hüjümlerinde iň köp adam paýatagt Damaskda ýogaldy.
Oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Duma sebitinde ýerleşýän bazara guralan howa hüjüminde 6-sy çaga 23 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.
Rus uçarlarynyň Halapda oppozisonerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere guran hüjümlerinde aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan 10 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.
Idlibiň günortasynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere guralan hüjümde bolsa 8 adam ýogaldy.
Russiýanyň harby uçarlarynyň hüjümlerinde köp sanda iş we öý ýerlerine we ulaglara zeper ýetdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar