Lufthansa we Air France Sinaýyň üstünden uçmaz

Lufthansa ve Air France Müsürde ýere gaçan uçar sebäpli ugurlaryny üýtgetdi

362023
Lufthansa we Air France Sinaýyň üstünden uçmaz

Howa ýollary kärhanalarynyň ikisiem Russiýanyň uçarynyň näme sebäpli ýere gaçandygy beýan edilýänça çenli Sinaý ýarymadasynyň üstünden uçmajakdyklaryny mälim etdiler.
Rus ýolbaşçylar uçaryň kuzowynyň entek howadaka ikä bölünendigini we derňewleriň dowam edýändigini habar berdiler.
Ilkinji derňewlere görä ulag heläkçiliginiň tehniki näsazlyk sebäpli bolandygy aýdylýar.
Müsüriň resmileri uçaryň urup ýere gaçyrylandygy baradaky maglumatlaryň dogry däldigini nygtaýarlar.
Şarm Al Şeýhden Sankt-Peterburga gitmek üçin ýokaryk galan uçar şenbe güni uçanyndan gysga wagt soň redardan ýitipdi.
Aglabasy rus raýaty bolan 224 ýolagçylaryň ählisi ýogaldy.
Ýolagçylaryň 163-niň jesedi tapyldy we Russiýa ugradylmaga başlandy.
Ýogalan ýolagçylaryň 144-niň jesedi Russiýa ugradyldy.
Russiýa bir tarapdan uçar helkçiliginiň näme sebäpli bolandygyny derňeýär, beýleki tarapdan bolsa ýogalanlaryň jesetleriniň şahsyýetlerini anyklaýar.
Beýleki tarapdan bolsa uçaryň gara gapyrjaklary tapyldy we derňew edilmäge başlandy.
Müsürli ýolbaşçylar takmynan 9 müň 500 belentlikde uçan ýolagçy uçarynyň terrorçylaryň elindäki ýaraglar bilen urulyp ýere gaçyrylmajakdygyny beýan etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar