Russiýanyň Siriýadaky howa hüjümlerine garşy miting geçirildi

Mitinge gatnaşanlar rus hökümetiniň alyp barýan syýasatynyň strategik ýalňyşlykdygyny nygtadylar

358261
Russiýanyň Siriýadaky howa hüjümlerine garşy miting geçirildi

Moskwada Rus hökümetiniň Siriýa syýasatyny nyşana alýan söweşe garşy miting geçirildi.
Mitinge gatnaşanlar Russiýanyň Siriýada guraýan howa hüjümleriniň Russiýa ýaramaz täsirini ýetirjekdigini nygtadylar.
Mitinge gatnaşanlar Siriýadaky içerki söweşiň başyndan bäri Asada goldaw berýän rus hökümetiniň alyp barýan syýasatynyň strategik ýalňyşlykdygyny we hiçbir maksada hyzmat etmeýändigini nygtadylar.
Siriýa meselesiniň ruslary gyzyklandyrmaýandygyna we Siriýadaky diktatoryň uzak ýyllardan bäri häkimiýetiň başyndadygyny we öz halkyny gyrgyna berýändigine ünsi çekdiler.
Mitingde nebitiň bahasynyň aşaklamagy we ykdysady çäklendirmeler sebäpli onsuz hem uly zyýan çekýän döwlet bujetine Siriýada guralýan howa hüjümleri sebäpli agyr zarba urlandygy ýatladyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar