Palestina halkara hemaýat soraýar

Palestina BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinden halkara hemaýat soraýar

357651
Palestina halkara hemaýat soraýar

Ysraýyl tarapyndan guralýan gan döküşikli hüjümlere sezewar bolýan Palestina BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinden halkara hemaýat soraýar.
Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki BMG-da ministrler derejesinde geçirlen Ýakyn Gündogar temaly maslahatda eden çykyşynda soňky döwürde Ysraýyl tarapyndan guralýan hüjümleriň möwjändigini we hüjümlerde çagalar bilen birlikde onlarça palestinalynyň ýogalandygyna ünsi çekdi.
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli agyr günleri başdan geçirýän palestinanyň halkynyň goralmagy üçin halkara hemaýat soran Maliki, Howpsyzlyk geňeşiniň palestinanyň halkyny goramak meselesinde ahlak we kanuny taýdan mejburdygyny nygtady.
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň halkara howpsyzlygyny üpjün etmek baradaky wezipesini ýerine ýetirip bilmeýändigine ünsi çeken Maliki “Yzygiderli basyş astynda bolmak we wagtlaýyn çözgütler bizi asla parahatçylyga we howpsyzlyga ýetirimez” diýdi.
Malikiden soň söz alan Ysraýylyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Denni Danon bolsa soňky döwürde çaknyşyklaryň möwjemegi sebäpli palestinalyalry günäkärledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar